У нас вы можете посмотреть бесплатно “Adalatly derňew üçin, gyzymyň jesediniň ekzgumasiýa edilmegini isleýärin” – Gülälek или скачать в максимальном доступном качестве, видео которое было загружено на ютуб. Для загрузки выберите вариант из формы ниже:
Если кнопки скачивания не
загрузились
НАЖМИТЕ ЗДЕСЬ или обновите страницу
Если возникают проблемы со скачиванием видео, пожалуйста напишите в поддержку по адресу внизу
страницы.
Спасибо за использование сервиса ClipSaver.ru
Gülälek Rozyýewa gyzynyň şübheli ölüminiň doly we açyk derňelmegini talap edýär. Ol bu baradaky pikirini mundan birnäçe hepde ozal Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda beýan etdi. Soňra derňew işleriniň nähili geçirilýändigi barada maglumatlary köpçülige ýetirmek üçin, MigrantMedia taslamasyna ýüzlendi. Gülälek Türkmenistanyň adalatçysyna we beýleki degişli edaralara ýüz tutanlygy, emma çözgüde ýetip bilmän, döwlet tarapyndan hemme mümkinçilikleriň petiklenendigi hakynda gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, adalatçy merhumyň ejesini prezidentiň ýanyndaky hukuk goraýjy edaralara ýüz tutmaga ugrukdyrýar. “Emma ol ýerden hem derňew işleri amala aşyrylýar diýen şablon jogaplar gelýär” diýip, Gülälek aýdýar. Gülälek gyzynyň ölümi bilen bagly geçirilýän derňewleriň adalatsyzdygyna we medisina ekspertizasynyň netijeleriniň galplaşdyrylandygyna ynanýar. Garaşsyz adwokatlaryň ýoklugy we hökümete garaşly hukuk ulgamynyň raýatlara ýeterlik goldaw bermeýändigini öňe sürýän Gülälek öz hakyny goramak ugrunda diňe ýoldaşynyň ýardam bermäge çalyşýandygyny aýdýar. Gülälek gyzynyň jesediniň ekzgumasiýa edilmegi üçin, Baş prokuratura ýüz tutmagy planlaşdyrýar. Ol gyzynyň janyna kast etmäge gatnaşýanlaryň ählisiniň gönüden-göni korrupsiýa arkaly jezadan halas edilendigine ynanýar. Gülälegiň 20 ýaşly gyzy Güljemal Jumamyradowa 2023-nji ýylyň iýun aýynda Olimpiýa şaherçesinde gümürtik ýagdaýda heläk bolýar. Türkmenistanyň media serişdeleri we häkimiýetleri degişli ýagdaý barada kelam agyz aýtmaýar. Wideo: “MigrantMedia” #MigrantMediaCentralAsia