У нас вы можете посмотреть бесплатно Magtymguly barada rowaýatlar/Oňmadyk duşusuk/Dini goşgular çemeni или скачать в максимальном доступном качестве, видео которое было загружено на ютуб. Для загрузки выберите вариант из формы ниже:
Если кнопки скачивания не
загрузились
НАЖМИТЕ ЗДЕСЬ или обновите страницу
Если возникают проблемы со скачиванием видео, пожалуйста напишите в поддержку по адресу внизу
страницы.
Спасибо за использование сервиса ClipSaver.ru
Magtymguly barada rowaýatlar/Oňmadyk duşusuk/Dini goşgular çemeni #magtymguly #pyragy #turkmengoshgy OŇMADYK DUŞUŞYK Magtymguly zamanynda Amyderýa boýlarynda, Buhara medreselerinde köp okan Nyýazguly halypa adynda bir ulama bolanmyş. Ol adam Halaç raýonynda, soň Pendi taraplarda medrese açyp, ders berip, köp sanda sopular saklar eken. Magtymguly şahyr hem şol tarapa gidýän kerwenler bilen daklyşyp, öz eşegini münüp, Nyýazguly halypa gol bermek üçin gidenmiş. Şahyr baranda sopularyň bolýan ýerinde—myhman jaýda galmaly bolýar. Agşam oturyşykda sopular munuň näme maksat bilen gelendigini bilip, ertesi pirlerine habar berýärler:—Bir eşekli gökleň şahyry saňa gol bermäge gelipdir—diýýärler. Nyýazguly halypa bolsa özün igöreýin hem diýmän, oýlanman: — Bize olar ýaly eşek münüp, şahyrçylyk edip, agzyna gelenini samrap ýören adam gerek däl, biz olar ýaly adamyň goluny almarys, gidibersin — diýýär. Magtymgulynyň ýüregi möwç alyp joşýar, kagyz, galam alyp, «Bilmezmiň» diýen goşgusyny ýazyp, «Piriňize beriň» diýip, sopulara uzadar-da, eşegini münüp, öz ýurduna gaýdýar. Nyýazguly halypa Magtymgulynyň bu goşgusyny okap gören badyna: «Wah, elimize şunkar guşy düşeneken, arman ony uçurypdyrys» diýip, sopularyny şahyryň yzyndan iberýär. Sopular Magtymgulynyň yzyndan ýetip:— Seni pirimiz çagyrar, yzyňa dolan — diýýärler. Magtymguly: —Ok kemandan çykansoň, yzyna gaýtmaz—diýip gidiberýär. Bereket Allaberdi ogly, Kerki, Astanababa obaly,ärsary, şagla tiresi, 73 ýaş, 1941 ýyl. Allaýar Gurban ogly, 53 ýaş. Garrygala r-n, Gerkezoba sowetine garaşly «Gyzyl baýdak» kolhozy,31.07.1941 #magtymguly #mollanepes #pygamberimiz #hzmuhammet #goşgular #turkmengosgy #dana #pyragy #turkmengoshgy #gosgularcemeni #dini