У нас вы можете посмотреть бесплатно HG: Ahalda ýel turup, ilatly ýerleriň we ekin meýdanlarynyň ençemesini tozan basdy или скачать в максимальном доступном качестве, видео которое было загружено на ютуб. Для загрузки выберите вариант из формы ниже:
Если кнопки скачивания не
загрузились
НАЖМИТЕ ЗДЕСЬ или обновите страницу
Если возникают проблемы со скачиванием видео, пожалуйста напишите в поддержку по адресу внизу
страницы.
Спасибо за использование сервиса ClipSaver.ru
Şu günki programmamyzda: Aşgabadyň ýolagçy awtoulag kärhanasynyň Teke bazaryň gapdalynda ýerleşen esasy jemgyýetçilik awtobus duralgasy ýapylyp, paýtagtyň çetinde ýerleşýän Gurtly ýaşaýyş toplumyna göçürildi. Paýtagtyň häkimiýetleriniň duýdansyz amal eden bu çäresi aşgabatlylaryň we oňa golaý obalaryň ýaşaýjylarynyň arasynda nägilelik döredýär. Bu barada sosial ulgamlarda hem onlarça wideo paýlaşyldy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 28-nji oktýabrda paýtagtdan maglumat berdi. Ahal welaýatynda 27-nji oktýabrda ýel turup, ilatly ýerleriň we ekin meýdanlarynyň ençemesini tozan basdy. Ýerli saglyk işgärleriniň ençemesi saglyk ýagdaýy ýaramazlaşyp, hassahana ýüz tutan raýatlaryň köp bolandygyny aýdýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 28-nji oktýabrda sebitden maglumat berdi. Ukrainanyň "Ýaşamak isleýärin" atly taslamasynda müňlerçe merkezi aziýalynyň rus güýçlerine goşulandygy we köplenç girdejili iş teklipleri bilen aldanandygy ýa-da mejbur edilendigi çaklanýar. Bilermenleriň pikiriçe, garyplyk, işsizlik we rus propagandasy merkezi aziýalylary Ukrainadaky söweşe goşulmaga iterýän esasy sebäplerdir. Habarlaşmak üçin: • Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383 • Telegram: @Azathabar #habarlar