У нас вы можете посмотреть бесплатно HG: Owganystandaky ýer titreme Türkmenistanyň käbir sebitlerinde hem ýiti duýuldy или скачать в максимальном доступном качестве, видео которое было загружено на ютуб. Для загрузки выберите вариант из формы ниже:
Если кнопки скачивания не
загрузились
НАЖМИТЕ ЗДЕСЬ или обновите страницу
Если возникают проблемы со скачиванием видео, пожалуйста напишите в поддержку по адресу внизу
страницы.
Спасибо за использование сервиса ClipSaver.ru
Şu günki programmamyzda: Owganystanyň demirgazygynda 2-nji noýabrdan 3-nji noýabra geçilen gije bolan we onlarça adamyň heläk bolmagyna getiren ýer titreme Türkmenistanyň gündogar, günorta we demirgazyk sebitlerinde hem ýiti duýuldy, ýöne adam pidalary bolmady. Türkmen häkimiýetleri bu tebigy hadysa barada häzirlikçe dymýan mahaly, ýerli häkimiýetler raýatlara bu barada gürrüň etmezligi berk tabşyrýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 3-nji noýabrda Daşoguzdan, Lebapdan we Marydan maglumat berdiler. Halkara harby jenaýatçylyklar boýunça Ýewropol guramasynyň maglumatynda Merkezi aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň raýatlaryny öz içine alýan 654 adamyň gatnaşmagyndaky uruş jenaýatçylyklaryny anyklamak boýunça derňewleriň netijeleri çap edildi. Bu habar Russiýanyň Ukrainada alyp barýan urşunda rus goşunynyň düzüminde söweşýän we ölen merkezi aziýalylaryň, şol sanda türkmenistanlylaryň sanynyň gitdigiçe köpelýän wagtyna gabat geldi. Türkmenistanyň günbatarynda häkimiýetler pagta hasylyny ýygnamak işine dinçileri çekip başlady. Metjide barýan adamlaryň arasynda 50-den ýaşrak erkek adamlaryň we hijap atynan zenanlaryň mejbury işe çekilýändigini habarçymyz aýdýar. Habarlaşmak üçin: • Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383 • Telegram: @Azathabar #habarlar