У нас вы можете посмотреть бесплатно Magtymguly Garly 4 или скачать в максимальном доступном качестве, видео которое было загружено на ютуб. Для загрузки выберите вариант из формы ниже:
Если кнопки скачивания не
загрузились
НАЖМИТЕ ЗДЕСЬ или обновите страницу
Если возникают проблемы со скачиванием видео, пожалуйста напишите в поддержку по адресу внизу
страницы.
Спасибо за использование сервиса ClipSaver.ru
Магтымгулы Гарлыев4(30_43) «Ýar gyrmyzy geýinipdir» Magtymguly Garlyýewden galan aýdym ýaz- gylarynyñ arasynda juda belent çeküwde aýdylýan «Ýar gyrmyzy geýinipdir» diýen aýdym bar. Bagşynyň özi bu aýdymy «Börek döken» diýip aýdar ekeni. Yöne ýazgy edilende, aýdymyň ady üytgedilipdir. Bagşy Kakadan Daşoguza ilki baranda, Allanur baýyñkyda düşleýär. Allanur baý aýdym-saza sarpa goýýan adam bolupdyr. Ol Magtymgulyny gowy garşylap, esli wagt öyünde saklapdyr. Bagşyçylyk ýoluna damana, ahal ýollaryndan başlan bagşy, Daşoguza aralaşyp, ýomut-gökleň, çowdur ýollarynyň aýdymlaryny ürç edip öwrenmäge başlaýar. Her gezegem täze öwrenen aýdymyny gelip, Allanur baýa aýdyp berer ekeni. Bir gezegem Magtymguly Garly «Saýatly Hemra» dessanyndan bir goşga özüçe heñ taslaýar. Ony boldum edibem, Allanur baýa aýdyp berýär. Şol mahal Allanur baýyň aýaly ak öýüň işigindäki ýarma ojakda börek bişirip oturan ekeni. Aýdyma bütin durky bilen berlen aýal gazandan çykaryp oturan böreklerini ça- naga saldymmykam diýip küle döküp oturan bolsa nätjek?! Aýdym gutaransoň, Allanur baý: Oglum, bu aýdymyñ ady näme bolmaly? diýip sorayýar. «Gelnejemiñ bolup oturyşyna seret» diýip, daşary ümlän bagşy: Allanur aga, bu aýdymyň ady «Börek dö- ken» bolsa gerek - diýip ýylgyrypdyr. /Edebiýat we sungat, 06.07.2018/