У нас вы можете посмотреть бесплатно Berdinazar Hudaýnazarow - Ilkinji goşgy. или скачать в максимальном доступном качестве, видео которое было загружено на ютуб. Для загрузки выберите вариант из формы ниже:
Если кнопки скачивания не
загрузились
НАЖМИТЕ ЗДЕСЬ или обновите страницу
Если возникают проблемы со скачиванием видео, пожалуйста напишите в поддержку по адресу внизу
страницы.
Спасибо за использование сервиса ClipSaver.ru
Berdinazar Hudaýnazarow öz eserlerinde möwsümleýin, geldi-geçer wakalara däl-de, durmuşdaky durnukly ahlak hem ruhy gymmatlyklara ýüzlenýär. Şahyryň liriki gahrymany ynsany hakyky ynsan edýän, onuň mertebesini ýokary göterýän sypatlaryň goragçysy hökmünde çykyş edýär. Hakykata gol ýapmak, dogruçyllyk şahyryň döredijilikde baş ýörelgesi. Ol iňňän kyn şertlerde-de şol hakykaty aýtmagyň ebeteýini tapýar. Şahyryň her bir ýygyndysy, hatda her bir goşgusy çeper hadysa, çeper açyş hökmünde okyjylaryň aňyna siňdi. Onuň täsin, dürli reňklere, öwüşginlere baý şahyrana dünýäsi bar. Kerim Gurbannepesowyň aýdyşy ýaly, Berdinazar Hudaýnazarowyň poeziýa dünýäsi örän lezzetli. Ol dünýäniň içi giň. Howasy arassa. Ondan dem aldygyňça, dem alasyň gelýär. Şonuň bilen birlikde bolsa, ol dünýäniň howsalasy-da, aladasy–da özüne ýetik. Ol dünýäde gögem gürleýär, ýyldyrymam çakýar, tupanam turýar. Emma durmuş hemme bela-beteri ýeňýär. Durmuşy ykrar edijilik, ruhubelentlik şahyryň poeziýasyny tapawutlandyrýan esasy aýratynlykdyr.