У нас вы можете посмотреть бесплатно Türkmenabadyň harby bölüminde balkanly esger tarpa-taýyn aradan çykdy или скачать в максимальном доступном качестве, видео которое было загружено на ютуб. Для загрузки выберите вариант из формы ниже:
Если кнопки скачивания не
загрузились
НАЖМИТЕ ЗДЕСЬ или обновите страницу
Если возникают проблемы со скачиванием видео, пожалуйста напишите в поддержку по адресу внизу
страницы.
Спасибо за использование сервиса ClipSaver.ru
Azatlyk Radiosynyň Telegram hasabyna ýazylyň https://t.me/azatlykradiosy Şu günki programmamyzda: Maryly bagbanlar geçen iki güni, gijelerine ýatman, bak-bakjalaryny sowukdan gorap, ot ýakyp, tüsse edip geçirdiler, ýöne geljekki hasyly doly halas edip bilendiklerine ynanmaýarlar diýip, Azatlygyň sebitdäki habarçysy 12-nji martda, irden habar berdi. 9-njy martda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän harby bölümde çagyryş boýunça hökmany harby gulluk borjuny ýerine ýetirýän balkanly esger tarpa-taýyn aradan çykdy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň biri-birinden habarsyz, aýry-aýrylykdaky iki harby çeşmesi 12-nji martda Balkan we Lebap welaýatlaryndan maglumat berdi. ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Birleşen Ştatlaryň Eýrana garşy söweşde “ýeňiş gazanandygyny” aýtdy, emma operasiýanyň heniz tamamlanmandygyny we iş doly bitýänçä hüjümleriň dowam etjekdigini belledi. Şol bir wagtyň özünde, Tähran sebitde azyndan alty gämini urdy we mundan beýläk hem zarbalaryň dowam etdiriljekdigini wada berdi. Habarlaşmak üçin: • Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383 • Telegram: @Azathabar #habarlar