У нас вы можете посмотреть бесплатно HG: Berdimuhamedowlaryň garyp ýurduň puluny öz uçaryna sarp etmegi pikir alyşma döretdi или скачать в максимальном доступном качестве, видео которое было загружено на ютуб. Для загрузки выберите вариант из формы ниже:
Если кнопки скачивания не
загрузились
НАЖМИТЕ ЗДЕСЬ или обновите страницу
Если возникают проблемы со скачиванием видео, пожалуйста напишите в поддержку по адресу внизу
страницы.
Спасибо за использование сервиса ClipSaver.ru
Şu günki programmamyzda: Türkmenistany dolandyrýan maşgalanyň öz maksatlary üçin raýat uçaryny özgerdip, bezemek üçin döwlet pulundan uly mukdarda çykdajy edendigi baradaky hasabat türkmen jemgyýetinde reaksiýa döretdi. "Turkmen. news", "Gundogar.media" we Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa maglumatlary taslamasynyň (OCCRP) bilelikde çap eden maglumatynda, ilatyň aglaba bölegi garyplykda ýaşaýan Türkmenistanyň prezidentiniň VIP flotunda bäşinji uçaryň peýda bolmagynyň Arkadagyň gyzy Oguljahan Atabaýewanyň ýurduň syýasy sahnasyna çykan wagtyna gabat gelendigi bellendi. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň “Gök” bazarynda arzan bahadan doňdurylan gäwmiş etiniň söwdasy ýola goýuldy. Munuň bilen bir wagtda, hökümet çäklendirmeleri esasynda emeli görnüşde arzanladylan ýerli mal etiniň bahasy gaýtadan ýokarlanyp başlady. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 13-nji oktýabrda sebitden maglumat berdi. Azatlygyň çeşmeleri, ýerli synçy we demirýol hünärmeni türkmen hökümeti bilen jemgyýetiň arasyndaky üzňeleşmäniň, ‘kesekileşmegiň’ barha görnetin duýulýandygyny, ýolbaşçylaryň ýönekeý adamlaryň aladasyny tasdan etmeýändigini we ilatyň muny barha açyk görüp başlandygyny öňe sürýärler. Habarlaşmak üçin: • Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383 • Telegram: @Azathabar #habarlar