У нас вы можете посмотреть бесплатно Mollanepes - Garaoglan / turkmen goshgy / Turkmen gahryman / Turkmen taryhy или скачать в максимальном доступном качестве, видео которое было загружено на ютуб. Для загрузки выберите вариант из формы ниже:
Если кнопки скачивания не
загрузились
НАЖМИТЕ ЗДЕСЬ или обновите страницу
Если возникают проблемы со скачиванием видео, пожалуйста напишите в поддержку по адресу внизу
страницы.
Спасибо за использование сервиса ClipSaver.ru
#mollanepes #gozelim #gozelsen #turkmengosgy #magtymguly #ashgabat #gozel #gozellik #taryh Garaoglan Hojamşükür Aýtak ötdi dünýäden, Iliň döwletine gelen Garaoglan. Ar-öwezin alyp gedadan-şadan, Söýünhana aga bolan Garaoglan. Gowşut gelip düşdi ýaman päl bilen, Gaýdyp yzyn tapdy zebun hal bilen, Duşmany tyg bilen gähi al bilen, Bir lahzada nabut kylan Garaoglan. Hojamyrat batyr çykyp meýdana, Owal hemra boldy Garaoglan hana, Her haýsysy müň göründi duşmana, Resul keramatyn kylan Garaoglan. Ýüz müň tümen her söz çyksa dilinden, Şahydym çoh erer türkmen ilinden, Ýüz yslam balasyn kapyr golundan Bir söz bahasyna alan Garaoglan. Ýüz müň gandy-nabat saçakda synar, Ýüz müň esse rehmet asmandan iner, Kimseler don geýer, kimse at müner, Dünýäniň öterin bilen Garaoglan. Hiç nobat ýetmesin namart goluna, Serim pida bolsun merdiň ýoluna, Ýetmiş iki millet - adam ogluna, Ady-owazasy dolan Garaoglan. Din yslam ýolunda bagyr dagladyp, Kapyrlar kaddyna gara bagladyp, Nepes diýr, ganymy zaryn agladyp, Tagtynda şat bolup gülen Garaoglan.