У нас вы можете посмотреть бесплатно HG: 'Arkadag Awazadan gaýdan badyna', Türkmenbaşyda ilatyň tok we suw üpjünçiligi ýaramazlaşdy или скачать в максимальном доступном качестве, видео которое было загружено на ютуб. Для загрузки выберите вариант из формы ниже:
Если кнопки скачивания не
загрузились
НАЖМИТЕ ЗДЕСЬ или обновите страницу
Если возникают проблемы со скачиванием видео, пожалуйста напишите в поддержку по адресу внизу
страницы.
Спасибо за использование сервиса ClipSaver.ru
Şu günki programmamyzda: Türkmenistanda 1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar güni bellenilýär. 2025-2026-njy täze okuw ýylynyň başlanýan gününe gabat gelýän bu senäniň öň ýanynda, Ahal welaýatynyň orta mekdepleriniň töwereginde howpsuzlyk güýçlendirildi. Şeýle-de, täze okuw ýyly okuwçylardan ýene pul ýygnamak çäresi bilen başlandy. Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara çäreleriň yz ýany, kenar ýaka Türkmenbaşy şäherinde elektrik energiýasynyň hem-de agyz suw üpjünçiliginiň ýagdaýy ýene-de ýaramazlaşyp başlady. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 1-nji sentýabrda sebitden maglumat berdi. Türkmen prezidenti Serdar Berdimuhamedow 29-njy awgustda sanly ulgam arkaly geçiren mejlisi, Ministrler kabinetiniň agzalarynyň şu ýylyň sekiz aýynda edilen işler boýunça beren hasabatlary, ýyllar boýy gaýtalanýan ýokary ösüş sanlary ilat arasynda ýiti tankydy reaksiýa döretdi, adamlar öz pikirlerini özara pikir alyşmalarda aýdýarlar diýip, Azatlygyň çeşmeleri habar berýär. Habarlaşmak üçin: • Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383 • Telegram: @Azathabar #habarlar