У нас вы можете посмотреть бесплатно Ukrain ýesirligine düşen türkmen raýatynyň wideosy türkmen jemgyýetinde seslenme döretdi или скачать в максимальном доступном качестве, видео которое было загружено на ютуб. Для загрузки выберите вариант из формы ниже:
Если кнопки скачивания не
загрузились
НАЖМИТЕ ЗДЕСЬ или обновите страницу
Если возникают проблемы со скачиванием видео, пожалуйста напишите в поддержку по адресу внизу
страницы.
Спасибо за использование сервиса ClipSaver.ru
Azatlyk Radiosynyň Telegram hasabyna ýazylyň https://t.me/azatlykradiosy Şu günki programmamyzda: Türkmen raýatynyň rus goşunynyň hatarynda Ukrainada alnyp barylýan söweşde ukrain tarapyna ýesir düşmegi türkmen jemgyýetinde uly reaksiýa döretdi diýip, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň ýurt içinden beren maglumatlarynda aýdylýar. Türkmenistanlylarda pikir alyşma döreden wideo 28-nji ýanwarda YouTube-de çap edilip, özüni türkmen raýaty Maksat Meredow diýip tanadan adamyň ýesir alynyşy görkezýär. Balkan welaýatynyň Bereket we Gyzylarbat etrap hassahanalarynda hem-de etrap-oba saglyk öýlerindäki şertler we hyzmatlar näsaglary iňňän alada goýýar. Howanyň temperaturasy gijelerine 0 gradusa çenli aşaklaýan şu günlerde bu saglyk edaralarynda ýyladyş ulgamlary kadaly işlemeýär. Bu barada maglumat beren näsaglaryň ençemesi ýylynmak we kadaly medisina kömegini almak üçin elektrik peçleri, hat-da krowatlary öz ýanlary bilen alyp barýandyklaryny aýdýar. Ýerli saglyk resmisi bu aýdylanlary ret edýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 3-nji fewralda sebitden maglumat berdi. Ysraýyl we Birleşen Ştatlar geçen ýyl Eýranda güýçli bombalaýyş kampaniýasyny geçirende, Tähranyň ýaragly wekilleriniň we hyzmatdaşlarynyň sebitleýin ulgamy esasan çetde durupdy. Habarlaşmak üçin: • Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383 • Telegram: @Azathabar #habarlar